Aşgabadyň Dokma Toplumy
Habarlaşmak üçin +993 (63) 81 64 76

Sebet

HARYTLARYŇ JEMI: 0.00 TMT
Biz barada

Aşgabadyň Dokma toplumy size ýokary hilli arassa pagtadan öndürilen sütükli žakkard we düz el çalgyçlaryny, hammam we aşhana toplumlaryny, ýumşak çaga oýunjaklaryny we dynç alyş otaglar üçin ýorgan-ýassyk düşek toplumlaryny hödürleýär.

Dokma toplumy 2007-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň Bitaraplyk şaýolynyň 597-nji jaýy ugrunda açyldy. Ol 37,5 gektar meýdany tutýar we tehniki-ykdysady görkeziji boýunça fabrigiň bir ýylda 5 190 tonn sütükli mata, 55,0 mln./m2  nah mata we 19,825 mln. sany dokma önümini öndürýär. Bu toplumy Orta Aziýada iň uly toplumy diyip atlandyrylýar. Aşgabadyň Dokma toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda öňde goýulan gaýragoýulmasyz wezipelerden ugur alynyp, meýilnama laýyklykda pagtany gaýtadan işlemegini artdyrmaga, kärhananyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berdi. Önümleriň esasy müşderileri Russiýa Federasiýasy, Belarusiýa respublikasy, ABŞ, Türkiýe we Ýewropa ýurtlary bolup durýar.

Ekologiýanyň arassaçylygy biziň üçin örän wajypdyr. Toplumyň çäklerinde Germaniýada (KARL-MAYER, OSTHOFF, KÜSTERS, BRÜCKNER), Italiýada (SAVIO, SIMET, MARIO CROSTA) we Ýaponiýada (TSUDAKOMA, JUKI) öndürilen iň täze tehnologik enjamlar gurnalan.

Biziň önümlerimiz, dünýä ýüzünde öndürýän önümleri bilen tanymal bolmak bilen, ISO 9001 we 9002 „önümçiligi dolandyrmagy ulgamlaşdyrmak we hil gözegçiligi“ hem-de ISO 14001 „daş töwerekdäki gurşawy goramak“ OHSAS 18001 „kärhanalarda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy üpjün etmek“ ýaly halkara sertifikatlaryna mynasyp boldular. Mundan başga-da, pudagyň garamagyndaky kärhanalaryň bir-näçesinde OEKOTEX we WRAP „taýýar önümler önümçiliginde bütindünýä jogapkärçiligi“ ülňileri ulanylýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 23-23-56 we 23-23-58.