Aşgabadyň Dokma Toplumy

Sebet

HARYTLARYŇ JEMI: 0.00 TMT
Töleg we eltip bermek

Harytlary eltip bermek hyzmaty häzirki wagtda diňe Aşgabat şäheri boýunça amala aşyrylýar

  1. Eltip berme hyzmatynyň bahasy 20 manat. Aşgabat şäheriň çäginden daşary eltip berme hyzmatyň bahasy aýratyn hasaplanylýar;
  2. Saýtdan sargyt edeniňizden soňra operator size jaň edip sargydy tassyklar;
  3. Girizen salgyňyz we telefon belgiňiz esasynda hyzmat amala aşyrylýar;
  4. Sargyt tassyklanmadyk ýagdaýynda ol hasaba alynmaýar we ýerine ýetirilmeýär. Sargydyň tassyklanmagy üçin girizen telefon belgiňizden jaň kabul edip bilýändigiňize göz ýetiriň. Şeýle hem girizen salgyňyzyň dogrulygyny barlaň;
  5. Sagat 09:00 - 17:00 aralygynda edilen sargytlar şol gün eltilýär, sagat 17:00-dan soňky edilen sargytlar bolsa ertesi gün size gowşurylar.
  6. Sargytlar şu aşakdaky görkezilen günler boýunça amala aşyrylýar:

Duşenbe-Anna 09:00 dan 19:00 çenli, Şenbe 09:00 dan 17:00 çenli, Ýekşenbe 09:00 dan 17:00 çenli.

7. Sargydy barlap alanyňyzdan soňra töleg amala aşyrylýar. Eltip berijiniň size gowşurýan töleg resminamasynda siziň tölemeli puluňyz bellenendir. Töleg nagt we nagt däl (kart) görnüşde milli manatda amala aşyrylýar.

8. Özüňiz alyp gitjek sargydyňyz Bitarap Türkmenistan şaýoly, 597 jaýynda ýerleşýän Söwda Merkezinde amala aşyrylýar.

9. Söwda Merkezindäki harytlar we olaryň bahalary Internet Dükana hiç hili degişli ýeri ýok.