Daşoguz pagta egriji fabrigi eksport önümlerini artdyrýar
Daşoguz pagta egriji fabrigi eksport önümlerini artdyrýar
13.12.2023 122

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji fabrigi Ewropa we Aziýa ýurtlaryna önümleriň yzygiderli iberilmegini ýokarlandyrýar diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri ýazýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň üsti bilen Italiýa, Türkiýä we Hindistana eksport etdi. Şeýle hem fabrigiň öndürýän ýüplükleri içerki bazarda uly islege eýe boldy.

Türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşýän pagta egriji fabriginde Italiýanyň öňdebaryjy Loptex, Savio we Marzoli kompaniýalarynyň enjamlarynyň ulanylmagy, şertnamalaýyn borçnamalary we ýokary hilli önümleri wagtynda ýerine ýetirmekligi karhananyň esasy artykmaçlyklary bolup durýar.

Daşoguz pagta egriji fabrigi her ýyl 14,5 müň tonna önüm öndürmäge ukyply. Şereketiň öňdebaryjy önümi, dokma önümçiliginde aýratyn isleg bildirýän Ring markaly pagta ýüplügi bolup durýar.