Geçen hepde TDHÇMB-de geleşikleriň jemi bahasy 27 million 46 müň dollardan gowrak boldy
Geçen hepde TDHÇMB-de geleşikleriň jemi bahasy 27 million 46 müň dollardan gowrak boldy
24.11.2022 287

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri boýalan nah ýüplügi we tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 46 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 500 müň manatlyk, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny satyn aldylar.